Saturday, October 07, 2006
In öndaki 500 uniwersited
Eyyam bu yyl Hytayyn "Shanghai Jiao Tong University" tarapyndan 4-njisi guralyan "Dünyanin in öndaki 500 uniwersitedi" gözlegininin (research) netijeleri belli boldy. Gözleg esasan halkara bilim neşirlerinde makalalary, bilim research netijeleri, uçurymlarynyn we mugallymlarynyn halkara işleri hasaba alynyp wezipelendirilyar. Amerikadan 167, Beyik Britaniyadan 43, Germaniyadan 40, Yaponiyadan 32 uniwersited öndaki orunlary aldylar. Bulardan başga-da Izraelden, Singapurdan, Müsürden, Çiliden, Taze Zelandiyadan, Gresiyadan uniwersitedler bar. Russiyadan dine 2 we Türkiyeden hiç bir uniwersitedin girmezligi gen galdyrdy. Günorta we Demirgazyk Amerikadan 196, Yewropadan 207, Aziya/Pasifiklerden 92, Afrikadan 5 uniwersited. In öndaki 10 bolsa, şular: Harvard, Cambridge, Stanford, California-Berkeley, MIT, California Teknologiya, Columbiya, Princeton, Chicago, Oxford.Has köp maglumat we hasabat üçin: şu yere basyn
Subscribe to:
Post Comments (Atom)
0 comments:
Post a Comment